Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Isa Annamyradow ykjam telefonlarda iňlis dilini mugt öwrenmäge mümkinçilik berýän programma döretdi. Ykjam enjamlar üçin niýetlenen täze programma iňlis diliniň «Beginner-Elementary», «Pre-Intermediate», «Upper-Intermediate», «Advanced» derejelerini öz içine alyp, synaglary, sözleri, tekstleri we iňlis diliniň grammatikasyny türkmençe düşündirilişiniň üsti bilen özleşdirmäge kömek eder. Ähli ýaşdaky adamlar üçin niýetlenen programmanyň esasy artykmaçlygy, ol oflaýn görnüşinde bolup, beýleki programmalara garanyňda, tölegsiz ýagdaýda işleýär.
“Germew” programmasyny ykjam telefonlaryna ornaşdyrmak isleýänler tölegsiz görnüşde “Google” şereketiniň “Google Play” internet dükanyndan telefonlara ýükläp bilerler.