Täzelikler

Täze “Belet Film” hyzmatynyň kömegi bilen filmleri we seriýallary tomaşa etmek has aňsatlaşdy

“Türkmentelekom” EAK-sy «JAN Tehnologiýa” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde “Belet Film” hyzmatyny hödürleýär

Täze “Belet Film” hyzmatynyň kömegi bilen filmleri we seriýallary tomaşa etmek has aňsatlaşdy. Hyzmat filmleriň, teleseriýallaryň, multfilmleriň ýygyndysy bolan onlaýn- kinoteatrdyr.

Filmleriň sany yzygiderli köpelýär we ýakyn wagtda dünýä klassik filmlerinden başlap, 2021-nji ýylyň täze önümlerine çenli 5000-den gowrak dürli žanrlardaky film we seriýallar elýeterli bolar. Bu hyzmat enjama däl-de, internet liniýasyna birikdirilýär. Bu, bir maşgala agzalarynyň hemmesiniň bu hyzmatdan peýdalanyp biljekdigini aňladýar. Sekuntda 8 megabite çenli tizlik, şol bir wagtyň özünde birnäçe enjamdan onlaýn film görmäge mümkinçilik berer. Abuna ýazylyş bahasy aýda 30 manat, hyzmaty abonentiň şahsy otagynda, şeýle hem “Turkmentelekom” EAK-nyň abonent bölümlerinde birikdirip bilersiňiz. Hyzmat diňe bir Android we iOS däl, kompýuterden görmek üçin web wersiýasy hem häzirki wagtda film.belet.com.tm sahypasynda işlenip düzülýär. Onlaýn- kinoteatryň WEB wersiýasy ýakyn wagtda elýeterli bolar. Enjamyň ýadyna film göçürip, internetsiz film görmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulan.

Hyzmat täze işe girizilendigi sebäpli, belki-de ulanyjylaryň hemmesi gözleýän zadyny tapyp bilmez, beýle ýagdaýlar üçin biziň belet@online.tm salgymyza e-poçta iberip bilersiňiz. Filmiň ýada seriýalyň adyny ýazyň, Belet Film topary gysga wagtda siziň islegleriňizi kanagatlandyrar.

Habarlaşmak üçin:

Maglumat merkezi: 071

IMO: +993 61 392241

IG: @beletvideo

belet@online.tm

Teswir goşmak

Your email address will not be published. Required fields are marked *